- ýykmak
- işlik1) Weýran etmek, berbat etmek, ýumurmak.∙ Köne haýatlary ýykyp, dökün hökmünde ýer dökýärler.2) Ýeňmek, üstün çykmak (göreşde we ş. m.).∙ Hudaýberdi ýaşdaş oglanlary bilen göreş tutardy, köplenç wagtlarda çykap baýrak alardy. («Pioner» žurnaly)∙ Ejizräk bir ýigit egninden ýapyşanda, ol ony silterläp ýykdy-da, ökje göterdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)3) Höküm sürmeginden mahrum etmek, häkimiýet başyndan agdarmak.4) Dik duran halyndan gyşardyp, ýere ýaplamak.∙ Agşamky güýçli ýel bir näçe agaçlary ýykypdyr.5) Bir zadyň içine gaçyrmak, bir zadyň içine düşürmek.∙ Men pili bir çuň guýa ýykaryn. («Türkmen Halk Ertekiler Ýygyndysy»)◊ göwün ýykmak — seret göwün∙ Çopanymyz hem aýalanyň göwnüni hiç ýykmady. («Mydam Taýýar» gazeti)◊ öýüni ýykmak — seret öý∙ Aý Mämmet baý, sen biziň öýümizi ýykdyň, öýümizi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.